“Ahal” egin-eşik fabrigi, erkekler, aýallar we çagalar üçin ýokary hilli we moda eşikleri öndürmekde we satmakda ýöriteleşen häzirki zaman we dinamiki kärhana. Zawod 1933-nji ýylda esaslandyryldy we şondan bäri Türkmenistanyň bazarynda üstünlikli ösýär.
“Ahal” egin-eşik fabriginiň öz dizaýn býurosy bar, bu ýerde zehinli we döredijilik hünärmenleri dürli möwsümler, wakalar we stiller üçin özboluşly we häzirki geýim kolleksiýalaryny döredýärler. Zawod önümçilik üçin aýratyn modellerini hödürleýän meşhur türkmen dizaýnerleri bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.
“Ahal” egin-eşik fabrigi eşiklerini tikmek üçin diňe ýokary hilli materiallary we esbaplary ulanýar. Zawod ýokary öndürijiligi, takyklygy we prosesleriň howpsuzlygyny üpjün edýän häzirki zaman tehnologiki seýilgäh bilen enjamlaşdyrylandyr. Zawod ähli hil we daşky gurşaw ülňülerine, şeýle hem işgärlerine, müşderilerine we hyzmatdaşlaryna jemgyýetçilik jogapkärçiligini berk ýerine ýetirýär.
“Ahal” egin-eşik fabrigi müşderilerine dürli ýaşdaky, ululykdaky we dürli görnüşli eşik hödürleýär. Bu ýerde köýnekleri, kostýumlary, bluzkalary, balak, yubka, jins, penjek, palto, pijama we başga-da köp zatlary tapyp bilersiňiz. Şeýle hem, ölçegleriňize we islegleriňize görä bizden ýörite tikinçilik sargyt edip bilersiňiz.
Aşgabatdaky № 1 tikinçilik fabrigi, 1933-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda kiçi birleşikleriň toplanmagynda döredildi. Ol tikinçilik ulgamynda birinji döredilen fabrika hasaplanylýar.
Fabrika açylanda onda 92-adam we 60-sany tikinçilik enjamlary oturdylandy. Tikinçilik fabrikasy açylandan soň şu aşakdakylary öndürip başlady: halatlar, balaklar we milli däp-dessurdaky gyz köýnekleri.
1941-nji ýyldan başlap fabrika öz öndürýän önümleriniň görnüşlerini giňeldip başlady. Ol ýylaldylan erkek penjekleri we balaklary, aýal penjekleri goýberip başlady. Önümleriň görnüşleriniň artmagy bilen fabrikde işleýän işgärleriň sany 200-e golaýlady.
Uruş döwrüne gabat gelendigi üçin 1941-nji ýyldan başlap bu fabrika urşa gatnaşýan esgerler üçin harby egin eşikleri öndürmegine tarap şol ugra goýberildi.
Uruş gutarandan soň fabrika halkyň talap edýän islegini öndürip başlady.Önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin fabrikde ýaýbaňlandyrylan tehnologiýa enjamlary oturdyldy.
1948-nji ýylda ýer titreme sebäpli fabrigiň daşky we içki durkuna zeper ýetdi. Ýöne fabrigiň agzybir işgärleriniň el güýji bilen gysga wagtda dikeldildi.
1950-nji ýyllarda Kiýewdäki ýeňil senagaty tehnologiýa institutyndan ilkinji hünärmenler inžener-tehnologlar bu fabrige ugradyldy.
1952-nji ýylda ilkinji uly göwrümde bolan haryt ( erkek balaklar we penjekler) goýberildi. Biçim sehinde ýokary hilli täzelenen lentaly maşynlar oturdyldy.
Taýýarlaýyş-biçim sehinde matany zaýasyz we dogry takyk ölçeýän enjamy oturdyldy.
1964-nji ýyldan fabrika ýörite erkek egin-eşikleri we çaga egin-eşikleri dikmäge gönükdirildi. Şol sebäpli hemme önümçilik meýdançalarynda zähmeti guramak we kadalaşdyrmak işleri üýtgedildi.
Fabrikde ýylylyk enjamlary bilen işleýän sehi döredildi. Ol buguň kömegi bilen işleýän Ç-311, Ç-313 kysymly Wengriýada öndürilen presleýji enjamlary oturdyldy.
Tikinçilik sehinde basym herekete gelýän täze 97-klas görnüşli tikin maşyny, 2-iňňeli maşynlar, 252-sany balaklaryň kemerini oýmak üçin niýetlenen maşyny we balagyň etegini oýmak üçin niýetlenen maşyny oturdyldy.
1976-njy ýylda fabrigiň täze korpusy gurlup başlady we 1980-nji ýylda ulanylmaga berildi.
Taýýarlaýyş-biçim sehde, ýylylyk-enjamlary bilen işleýän sehde we ammarlarda goşmaça täze enjamlary oturdyldy.
1988-1989-njy ýyllarda fabrika has täze görnüşe geçdi. Ýagny Ýaponiýanyň Djuki firmasy, Amerikanyň Ýunion firmasy, Germaniýanyň Djurkopp firmasy, Çehiýanyň Minewra firmasy tarapyndan bolan tikin enjamlary bilen doly ornaşdyryldy.
1991-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda № 1 tikinçilik fabrigi, Aşgabadyň “Ahal” tikinçilik birleşigi diýilip atlandyrylyp başlady.
2007-nji ýylda ilkinji gezek 37181.7 million manatlyk haryt önümi içki bazara goýberildi. Esasy erkek penjekler, erkek balaklar, ýörite egin-eşikler, keltekçeler, jins balaklar, çagalar üçin niýetlenen jins önümler we mekdep ýaşyndaky çagalar we ýetginjekler üçin önümlerdir.
Häzirki wagtda Aşgabadyň “Ahal” tikinçilik birleşigi diňe bir harby egin-eşik öndürmän eýsem-de ilatyň isledini kanadatlandyrýan önümleri öndürýär we bazara göýberýär.
Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşigi
744027, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 118 jaý
faks. +99312-26-74-31; +99312-26-73-38
tel. +99312-26-73-62; +99312-26-70-48; +99312-26-74-28
«Ahal» dükany +99312-26-71-74
E-mail: kabulhana@ahaltb.com.tm
Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşigi
744027, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 118 jaý
faks. +99312-26-74-31; +99312-26-73-38
tel. +99312-26-73-62; +99312-26-70-48;
+99312-26-74-28
«Ahal» dükany +99312-26-71-74
E-mail: kabulhana@ahaltb.com.tm
Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşigi 2024 © Ähli hukuklary goragly