7

Täzelikler

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

n1

     Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

     Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

     Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça zerur şertler döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine laýyk yzygiderli kämilleşdirýäris. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden ornaşdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdügini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki abraýy has-da pugtalandyrylýar.

     Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ol innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýär. Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşýarlar. Lukmançylyk gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan «Seda Medical», «Philips», «Vichy», «Horiba», «Olympus», «B.Braun», «Sandoz», «Roche», «Zimmer», «Bionoricа», «Siemens», «Askin and Co», «Medtronic», «Getinge», «Alves», «Orica» we başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

     Däp bolşy ýaly, sergi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.

   Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.

     Sergi diwarlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleri ýerleşdirilipdir. Onuň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sergi diwarlygy bar. Mälim bolşy ýaly, öz döredilen wagtyndan bäri gazna bu ugurda netijeli işleri amala aşyryp gelýär. Munuň özi çagalara özleri baradaky edilýän aladany doly derejede duýmaga we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. Gaznadan Döwletliler köşgünde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylara paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, lukmançylyk serişdelerini satyn almak, olaryň alýan bejergileriniň tölegleri üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara, mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna gaznanyň hasabyna protez önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.

     Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

      Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

     …Bu sergi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, oňa ýurdumyzyň hususy kärhanalary — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary giňden gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda «Ýowşan», «Ak Hümmet», «Tebip», «Derman», «Yşgyn», «Boý Bodron», «Sag-aman» hususy kärhanalary, «Saglyk», «Diş lukmany» hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler bar.

     «Baýramaly», «Berzeňňi», «Bagabat», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» şypahanalarynyň we saglygy dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölümini düzýär. Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Okgunly ösýän we Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy giň halkara hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirýän taraplara çäksiz mümkinçilikleri açýar. Bejergi we saglygy dikeltmegi guramak nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi serişdeleriniň eksport gymmatyny ýokarlandyrmak bilen, häzirki günde dünýä derejesine çykýar.

    “Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalary ýerli dermanlyk ösümlik çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmek ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýär. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig mallardan bejeriş serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, bejeriş häsiýetli mineral suwy öndürýän “Berzeňňi” kärhanasyny görkezmek bolar. “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşiginiň kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny doly kanagatlandyrýar. “Buýan” agrosenagat toplumynyň önümleri-de ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

     Bilim ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.

     Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi meýdançasynyň merkezinde ýerleşdirilen monitorda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny berkitmek, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

     Serginiň çäklerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda hem-de tabşyrygy boýunça Söwda-senagat edarasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işine uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan raýatlary Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle-de “Arkadag” medalyna mynasyp bolanlaryň ählisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda ýörite sowgat gowşuryldy. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilipdir.

     Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň açylyşy boldy. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýaş alymlaryň «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Wýetnamdan ýaş alymlardyr hünärmenler möhüm ugurlar boýunça özleriniň ylmy işlerini, taslamalaryny hödürlediler.

     Utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata daşary ýurtlaryň birnäçesiniň görnükli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi.

     Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadygy nygtaldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy goşantdyr. Bu babatda bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmak, iň täze tehnologiýalarydyr enjamlary, dürli keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.

     Ylmy maslahatyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Arkadag şäheriniň saglyk öýünde, köpugurly hassahanasynda, Gaýragoýulmasyz “Tiz kömek” merkezinde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek 15 bölüm boýunça 12-nji oktýabra çenli dowam eder. “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek”, “Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Hirurgiýa keselleri”, “Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa”, “Sanly lukmançylyk”, “Genom lukmançylygy” atly mowzuklaýyn mejlislere gatnaşyjylar meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

     Mälim bolşy ýaly, keselleriň öňüni almak — bu keseller barada habardar etmäge ýa-da töwekgelçilik alamatlaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň uly toplumydyr. Bu çäreler umumy (adamlaryň maddy üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy, derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň we lukmançylyk hyzmatlarynyň, ilatyň zähmet, ýaşaýyş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy we beýlekiler) we ýörite (lukmançylyk-sanitar, arassaçylyk we epidemiýa garşy) häsiýetli bolýar. Daşarky täsirler esasynda döreýän ähli töwekgelçilik alamatlaryny azaltmaga gönükdirilen işler kesellere garşy göreşmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle çäreler we ileri tutulýan ugurlar işlenip düzülende, kesellere garşy göreşmek ulgamyndaky özgertmelerdir ýörelgeler aýratyn orny eýeleýär. Şunda netijeli binýatlaýyn çäreler irki anyklaýşy we oňaýly bejerişi üpjün edýän ilkinji lukmançylyk-arassaçylyk kömeginiň esasynda geçirilip bilner.

     Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda hem işjeň tejribe alşylýar. Olaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Maslahatda innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy tejribeleriň, dünýä lukmançylygynyň iň täze işläp taýýarlamalarynyň hasabyna milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hemmetaraplaýyn ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere garalar. Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, terbiýelenmegi, mynasyp dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri bolar. Bu ugur milli bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň binýatlaýyn düzümini emele getirýär. Şu maksatdan ugur alnyp, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim edaralaryny gurmaga, okuw kitaplaryny, gollanmalaryny taýýarlamaga hem-de neşir etmäge, bilim bermek işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bu ugurda iň gowy mugallymçylyk tejribesinden peýdalanmaga gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

     Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly sport desgalary — stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin howuzlar, döwrebap sport toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Olarda bedenterbiýe, sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi bilimli, giň gözýetimli, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň netijesinde Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda häzirki günde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edildi.

“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly forumyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman aýdymlaryny, tanslary ýerine ýetiren artistleri şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

***

     Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar astynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi.

Dil saýlaň

Rus

kerala school girl sex video juraporn.com sleep sex videos sexhot wfporn.com العب سكس سكس فديو محارم xxxvideohd.info نيك محارم عنيف samyuktha hegde nude ganstaporn.com alha tube قصص وسخة green-tube.net قصص سكس ام وابن
sheshaft porngalstube.com hd nxgx رقص ونيك fransizporno.com افلام سكس سخنه www.masalaclip.com hindixxxvideo.com hindi foking sony ki chudai pimpmovs.info telugu nude girls mallu sex tube freetubemovs.info punjabi sex punjabi
indian aunty x vedios huktube.mobi sanah kapoor villagegirlsex assporntube.info boo loo porn goldporn tube makato.mobi hd bp xxx 2x movies flexporn.net www saxy movie beeg wife motherless.pro mummy ki bur