Aşgabadyň merkezi köçeleri we şaýollary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek esasy dabaralara mynasyp derejede sungat eserleri bilen bezeldi.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly senä we möhüm wakalara bagyşlanan döwlet nyşanlary, milli bezegler we watançylyk şygarlary şähere baýramçylyk öwüşginini berýär.
Esasy hökümet binalarynyň öňünde oturdylan özboluşly tehnologik gurluşlar, multimediýa ekranlar we yşykly ýazgylar aýratyn täsir galdyrýar.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy» diýlip, baýramyň adyny beýan edýän lowurdyly uly harplar gijelerine paýtagtymyzyň ilatyny we şu günler gezelenje gelen köp sanly myhmanlary haýran galdyrdy.
Baýramçylyk şygarlary şäher ulaglaryna has-da bezeg berýär. Ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollarynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Arkadagyň ýoly – ak geljegiň ýoly», «Döwlet adam üçindir!» we «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy» ýaly ýazgyly awtobuslar ýolagçylara hyzmat edýär.
Şu gün tutuş ýurdumyzda taýýarlyk görülýän waka bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, maslahatlar we sergiler geçirilýär.
Däp boýunça, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň esasy dabaralarynyň biri-de harby ýöriş bolar, oňa taýýarlyk işleri häzir gyzgalaňly dowam edýär.
Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşigi
744027, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 118 jaý
faks. +99312-26-74-31; +99312-26-73-38
tel. +99312-26-73-62; +99312-26-70-48;
+99312-26-74-28
«Ahal» dükany +99312-26-71-74
E-mail: kabulhana@ahaltb.com.tm
Aşgabadyň «Ahal» tikinçilik birleşigi 2024 © Ähli hukuklary goragly