Täzelikler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew 17-nji noýabrda türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Döwlet baştutanlary dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdiler. Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýärler. Soňra söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

 

Habaryň resmi çeşmesi

Dil saýlaň

Rus